Рабочие листы
к вашим урокам
Скачать
1 слайд
Daşoguz welaýatynyň
Gurbansoltan eje adyndaky
etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň informatika mugallymy
Sultanmurat Niýazmetowyň
11-nji synp informasiýa-kommunikasiýa
we innowasion tehnologiýalary dersinden
“Antiwirus programmalarynyň
bazalaryny täzelemek.”
temasy boýunça taýýarlan
prezentasiýasy
Öňe
2 слайд
Antiwirus programmalarynyň
bazalaryny täzelemek.
Täze wiruslar we olaryň üýtgedilen görnüşleri her gün
ep-esli mukdarda emele gelýär, şol sebäpli, kompýuteri
zaýalamakdan goramak üçin, wagtal-wagtal Antiwirusy
täzelemek gerek, şeýle hem hepde-de bir gezekden az bolmadyk ýagdaýda täzelenen bazalar arkaly
kompýuteri barlamak gerek.
Programmanyň täzelenmegi kompýutere aşakdaky
obýektleri ýükleýär we gurnaýar:
Yza
Öňe
Başyna
3 слайд
Antiwirusyň bazalary. Informasiýanyň goragy
howpuň signaturalaryny we tor hüjümleriň, kesgitlemelerini,şeýle hem olar bilen göreşmegiň usullaryny saklaýan maglumat gorlaryň
esasynda üpjün edilýär.
Gorag komponentleri olary kompýuterde howply obýektleri gözlemek we zyýansyzlandyrmak
üçin peýdalanýarlar.
Bazalar wagtal-wagtal täze howplar we olar
bilen göreşmegiň usullary baradaky ýazgylar
bilen doldurylýar.
Şol sebäpli, bazalary wagtal-wagtal täzelemek zerurdyr;
Yza
Öňe
Başyna
4 слайд
Programma modullary
Antiwirus bazalaryndan başga, programma modullaryny hem täzelemek bolýar. Täzelenme paketleri Antiwirusyň gowşak taraplaryny aýyrýarlar, täze funksiýalary goşýarlar ýa-da bar bolanlary gowulandyrýarlar.
Antiwirusyň serwerlerinden täzelenmeleri üstünlikli
ýüklemek üçin, Internet tory bilen birleşmek zerurdyr. Deslapdan internet-birleşmäniň sazlamalary programma tarapyndan awtomatiki kesgitlenýär.
Emma Internete çykmak üçin, proksi-serwer peýdalanylýan bolsa, onda programmada proksi-serweriň sazlamalaryny öňünden goýmak maslahat berilýär.
Yza
Öňe
Başyna
5 слайд
Kasperskiniň antiwirusynda täzelenmeleri
Ýüklemegiň intellektual ulgamy amala aşyrylan,
şol ulgamda bazalar diňe programmanyň işläp
duran komponentleri üçin ýüklenilýär, bu bolsa ýüklenýän täzelenmeleriň göwrümini we olary
ýüklemek üçin gerek bolan wagty azaltmaga mümkinçilik berýär.
Komponent goşulanda derrew degişli
täzelenmeleriň ýüklenmegi başlanýar, bu bolsa
goragyň aktuallygyny üpjün edýär
Yza
Öňe
Başyna
6 слайд
Zyýan getiriji koduň ýaýramagynyň häzirki zaman depginlerinde antiwirus bazalaryny seýrek ýagdaýda täzelemek düýpli kemçilik bolup durýandyr, şol sebäpli gije‑gündizine täzelenmeleriň ortaça sany 1,5-den kiçi bolan (birinji 3 sanysyndan başga) kompaniýalaryň öz müşderilerini howpuň täze görnüşlerinden gorap biljekdigi barada şübhe döreýär.
Yza
Öňe
Başyna
7 слайд
Emma tejribelikden görnüşi ýaly, Kasperskiniň Antiwirusy, öz artykmaçlyklary bilen bilelikde,
birnäçe ýetmezçiliklere hem eýedigini görkezdi,
olaryň arasynda iň esasysy bolup, tagaşyksyzlygy çykyş edýär (elbetde, käbir adamlar üçin bu fakt obýektiw däl bolmagy mümkin).
Gözegçilikde saklamak hem-de özüne gözegçilik
etmek boýunça dürli funksiýalaryň köplügi, dürli skanerler we monitorlar, operasion sistemanyň, diýmek, ulanyjynyň hem işini haýal edýär.
Yza
Öňe
Başyna
8 слайд
Dürli öndürijileriň antiwirus
bazalaryny täzelemegiň ýygylygy
Yza
Öňe
Başyna
9 слайд
Yza
Öňe
Başyna
Sistemanyň artyk «müňkürlik etmegi», ýagny
howply ýa-da howpy mümkin bolan programmalaryň sanawyna hem-de karantin ulgamyna zyýansyz programmalaryň düşmegi, kompýuterde doly
derejede durnukly işlemäge mümkinçilik bermeýär, aýratyn hem eger kompýuterde programma üpjünçiligi döredilýän bolsa päsgelçilik güýçlenýär.
Şol sebäpli kompýuter ulanyjylaryň köpüsi, Kasperskiniň antiwirusynyň çäklendirmelerinden ýadamak bilen, öz kompýuterlerini goramak üçin Eset NOD , Dr Web we ş.m. ýaly meşhur antiwiruslary ulanmagy maksadalaýyk görýärler.
10 слайд
Eset NOD antiwirusy durmuşda örän aňsat ulanylýar
işde bolsa ýeterlik derejede öndürijiliklidir.
Öz işi bilen operasion sistemanyň işini haýallatmak boýunça ulanyjylar tarapyndan kän bir şikaýatlara eýe däl.
Eset NOD antiwirus programmasy faýl wiruslaryna
garşy has hem gowy hereket edýändir, ol şol wiruslary
operasion sistemanyň içine girmedik ýa-da gönümel maglumat göterijiniň içinde ýok edýär, şeýlelik bilen, olaryň kompýuteriň içine girmeginiň öňüni alýar.
Belli bolşy ýaly, faýl wirusy iň howply wirus programmalaryň biri bolup durýar.
Eset NOD antiwirus programmasy zyýan getiriji
programmalaryň öňüni almak üçin gowy, emma
zäherlenen kompýuterde ol ejizdir
Yza
Öňe
Başyna
11 слайд
Şol ýa-da başga wirusyň saýlanylmagy – bu ulanyjynyň öz işidir, mundan başga-da, antiwirus programma üpjünçiliginiň netijeliligi köp derejede ony ulanýan adama hem-de onuň nähili ulanylýandygyna bagly bolup durýar, şol sebäpli antiwirus programmasynyň haýsy biriniň gowudygyny anyk kesgitläp bolmaýar, ony diňe wagt
we ýagdaýlar görkezer.
Yza
Öňe
Başyna
12 слайд
Zyýan getiriji programmalara garşy
göreşe türkmen hünärmenleri hem
öz goşandyny goşýarlar.
Mysal hökmünde Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde resmileşdirilip patent alnan
«Antitroýan» programmasyny getirmek bolýar, ol has howply troýan hüjümlere garşy göreşmek üçin Türkmenistanda döredildi.
Yza
Öňe
Başyna
13 слайд
Bu programma barada seslenme berip, daşary ýurt internet portlary onuň aňsat ulanylýandygyny,
özi öwrenip bilýändigini hem-de beýleki antiwirus programmasy
bilen bilelikde we zäherlenen kompýuterde işläp bilýändigini belläp geçdiler.
Yza
Başyna
Çykmak
Рабочие листы
к вашим урокам
Скачать
6 625 829 материалов в базе
Настоящий материал опубликован пользователем Ниязметов Султанмурат Ниязметович. Инфоурок является информационным посредником и предоставляет пользователям возможность размещать на сайте методические материалы. Всю ответственность за опубликованные материалы, содержащиеся в них сведения, а также за соблюдение авторских прав несут пользователи, загрузившие материал на сайт
Если Вы считаете, что материал нарушает авторские права либо по каким-то другим причинам должен быть удален с сайта, Вы можете оставить жалобу на материал.
Удалить материалВаша скидка на курсы
40%Курс профессиональной переподготовки
500/1000 ч.
Курс профессиональной переподготовки
500/1000 ч.
Курс профессиональной переподготовки
300 ч. — 1200 ч.
Курс повышения квалификации
72 ч. — 180 ч.
Мини-курс
10 ч.
Мини-курс
6 ч.
Оставьте свой комментарий
Авторизуйтесь, чтобы задавать вопросы.