Рабочие листы
к вашим урокам
Скачать
1 слайд
Gurbansoltan eje adyndaky
etrabyň 10-njy orta mekdebiniň
Informatika mugallymy
Sultanmurat Niýazmetowyň
11-nji synpynda
informatika sapagyndan
“Ykdysady modelleşdirme”
temasy boýunça geçirilýän açyk sapagy üçin döreden prezentasyýasy.
Öňe
2 слайд
Ykdysady modelleşdirme
Başla
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň 10-njy orta mekdebi
3 слайд
Ykdysady modelleşdirme
Ykdysady modelirleme-ykdysady obýektleriň we prosesleriň emeli döredilen şertlerde kiçi synag görnüşinde şekillenmesidir. Ykdysadyýetde, köplenç, ykdysady prosesleri matematiki baglanyşyklaryň üsti bilen ýazyp beýan etmek arkaly matematiki modelirleme ulanylýar.
4 слайд
Modelirleme ykdysadyýeti seljermegiň serişdesi we kabul edilýän çözgütleri esaslandyrmagyň serişdesi bolup durýar..
Ykdysady obyektiň modeli, adatça, hakyky statistiki maglumatlara daýanýar. Gurlan ykdysady modeliň çäklerinde ýerine ýetirilen hasaplamalaryň netijelerini çaklamaga, obyektiw bahalandyrmaga mumkinçilik berýär.
5 слайд
Mysal.
Tikincilik sehinde 840 m mata bar. Bir halat tikmek ucin 4 m, bir kurtka tikmek ucin 3 m mata gerek bolyar. Eger halat ýerleşdirilip 6 man, kurtka 3 man girdeji berýän bolsa, iň uly girdejini almak ucin näçe halat we näçe kurtka tikmeli. Sargytlara göra, 150-den köp halat, 200-den köp kurtka tikmeli däldigi belli .
6 слайд
Çözülişi.
Meseläniň şertine göra, halatlaryň we kurtkalaryň mukdaryny näbelli diýip hasaplamaly. Diýmek, bu ýerde näbelliler bolup halatlaryň mukdary hem-de kurtkalaryň mukdaryny hasap edeliň. Jemi iki sany näbelli bolup, goý, olardan x1-halatlaryň mukdary, x2 kurtkalaryň mukdary bolsun. Bir halat tikmek üçin, 4 m mata gerek bolýan bolsa, onda x1 sany halat tikmek üçin, 4* x1 m mata gerek bolýar. Şonuň ýaly-da bir kurtka tikmek üçin, 3 m mata gerek bolsa, x2 sany kurtka tikmek üçin 3* x2 m mata gerek bolar.
7 слайд
Sehde 840 m matanyň barlygy üçin olaryň jemi 840 m-den geçip bilmeýär. Bu maglumatlaryň esasynda birinji çäklendirmäni (deňsizligi) alýarys:4x1 + 3x2 < 840 . Ikinji çäklendirme kurtkalara edilen sargytdan gelip çykýar:
x1 < 150. Üçünji çäklendirme hem halatlaryň sargydynyň sanyndan gelip çykýar: x2 < 200. Ýene-de meseläniň şertinden görnüşi ýaly halatlaryň we kurtkalaryň sanyny aňladýan näbelliler nol- dan kici bahany alyp bilmeýärler we diňe bitin sanlar bolup bilýärler. Şonuň üçinem: x1 > 0, x2 > 0.
8 слайд
Indi guruljak modeliň esasy maksadyny kesgitläliň. Ol meseläniň şertinden görnüşi ýaly, iň uly girdejini, maksimum girdejini almakdyr. Bir halat 6 man girdeji berýän bolsa, xl halat 6x1 man girdeji getirer,
3 man girdeji bir kurtkadan gelýän bolsa, x2 kurtka 3x2 manat girdeji getirer. Şeýlelikde, 6x1+3x2 funksiýanyň bahasy maksimum bolmaly.
9 слайд
Meseläniň matematiki modeli aşakdaky ýaly bolýar:
max C = 6x1 + 3x2
41 + 3x2 ≤ 840
x1 ≤150
x2 ≤200
x1 ≥ 0, x2 ≥ 0
{
Bu modeli kompýuterde amala aşyrmak üçin Paskal programmirleme dilinde ýazylan programmasynyň teksti aşakdaky yaly getirilendir:
10 слайд
uses crt; var
f,c,i,j,max,imax,jmax:integer;
begin
clrscr;
max:=0;
imax:=0; jmax:=0; for i:=1 to 150 do for j:=1 to 200 do begin f:=4*i+3*j; c:=6*i+3*j;
if (not (f>840) and (c>max)) then begin max:=c; imax:=i; jmax:=j; end; end;
writeln ('x1=', imax); writeln ('x2=', jmax); write ('maxc=', max); readkey; end.
11 слайд
Soraglar
1. Ykdysady modelirleme düşünjesi näme?
2. Ykdysady-matematiki modelirlemegiň ähmiýeti näme?
12 слайд
Amaly işler
Tikincilik sehinde n m mata bar, h-halat üçin sarp edilýän matanyň mukdary, k-kurtka üçin sarp edilýän matanyň mukdary, hb-haladyň bahasy, kb-kurtkanyň bahasy, hs-halada edilen sargyt, ks-kurtka edilen sargyt bolsa, n,h, k, hb, kb, hs, ks ululyklaryň aşakdaky bahalarynda tikinçilik sehiniň matematiki modelini düzmeli we optimal görkezijileri kesgitlemeli:
1. n = 100, h = 2, k = 4, hb = 3, kb = 2, hs = 40, ks = 20.
2. n = 280, h = 4, k = 3, hb = 4, kb = 3, hs = 50, ks = 65.
3. n = 420, h = 4, k = 3, hb = 5, kb = 3, hs = 75, ks = 100.
13 слайд
uses crt;
var
f,c,i,j,max,imax,jmax:integer;
begin
clrscr;
max:=0;
imax:=0;
jmax:=0;
for i:=1 to 150 do
for j:=1 to 200 do
begin
f:=4*i+3*j;
c:=6*i+3*j;
if (not (f>840) and (c>max))then begin
max:=c;
imax:=i;
jmax:=j;
end;
end;
writeln
('x1=', imax);
writeln
('x2=', jmax);
write
('maxc=', max);
readkey;
end.
Jogap: x1=150; x2= 80; maxc= 1140
14 слайд
Taýýarlan:
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň
10-njy orta mekdebiniň
Informatika we informasiýa tehnologiýalary dersi mugallymy Sultanmurat Niýazmetow.
2016 ý.
Çykmak
Рабочие листы
к вашим урокам
Скачать
6 625 693 материала в базе
Настоящий материал опубликован пользователем Ниязметов Султанмурат Ниязметович. Инфоурок является информационным посредником и предоставляет пользователям возможность размещать на сайте методические материалы. Всю ответственность за опубликованные материалы, содержащиеся в них сведения, а также за соблюдение авторских прав несут пользователи, загрузившие материал на сайт
Если Вы считаете, что материал нарушает авторские права либо по каким-то другим причинам должен быть удален с сайта, Вы можете оставить жалобу на материал.
Удалить материалВаша скидка на курсы
40%Курс профессиональной переподготовки
500/1000 ч.
Курс профессиональной переподготовки
300/600 ч.
Курс повышения квалификации
36 ч. — 180 ч.
Курс повышения квалификации
72 ч. — 180 ч.
Мини-курс
4 ч.
Мини-курс
4 ч.
Оставьте свой комментарий
Авторизуйтесь, чтобы задавать вопросы.