Презентация по русскому языку на тему "Бовенджик" (2 класс)
Инфоурок Начальные классы ПрезентацииПрезентация по русскому языку на тему "Бовенджик" (2 класс)

Презентация по русскому языку на тему "Бовенджик" (2 класс)

Скачать материал

Описание презентации по отдельным слайдам:

  • 1 слайд Tema 1: Adam we tebigat. Dünýä göz ýetirmek. Adamyň dünýä göz ýetirmeginiň
    Описание слайда:

    Tema 1:
    Adam we tebigat. Dünýä göz ýetirmek. Adamyň dünýä göz ýetirmeginiň özboluşly häsiýeti.

  • 2 слайд
    Описание слайда:

  • 3 слайд Gadymy müsür hat-ýazuwy ýönekeý nagyşlardan we suratlardan ybarat bolup, käti
    Описание слайда:

    Gadymy müsür hat-ýazuwy ýönekeý nagyşlardan we suratlardan ybarat bolup, kätipler bir sözi ýa-da sözlemi aýdyň beýan etmäge çalşypdyrlar.
    Hat-ýazuwyň durmuşda gündelik peýdalanylmagy wagtyň geçmegi bilen, onuň sadalaşmagyna getiripdir. Indi surat lar belli bir zady aňladypdyr. Mysal üçin, ýyldyzy aňlatmak isleseler,  bäşburçlugy şekillendiripdirler. Oňa iýeroglif
    haty diýilýär. Gadymy patyşalygyň ahyrlarynda elipbiý belgileri peýda bolupdyr. Ýazuwda elipbiýleriň we iýeroglifleriň ikisinem ulanypdyrlar.

  • 4 слайд Gadymy Mesopotamiýada miladydan öňkiIV–III müňýyllyklaryň başlarynda G
    Описание слайда:

    Gadymy Mesopotamiýada miladydan öňki
    IV–III müňýyllyklaryň başlarynda Gündogarda iň gadymy hat-ýazuw döräpdir. Şumerler haty surat görnüşinde ýazypdyrlar. Olara häzir piktografiýa diýilýär. Haty toýun tagtajyklara
    ýazypdyrlar. Her surat bir sözi ýa-da düşünjäni
    aňladypdyr. Mysal üçin, aý diýip ýazjak bolsalar Aýyň suratyny çekipdirler. Hat-ýazuwyň döremegi şumer siwilizasiýasyny ýokary derejä ýetiripdir.

  • 5 слайд Miladydan öňki III müňýyllygyň ortalarynda şumer  haty kämilleşip, tahn
    Описание слайда:

    Miladydan öňki III müňýyllygyň ortalarynda şumer haty kämilleşip, tahne ýazuwyna öwrülipdir. Suratlaryň
    okalyşy ýeňilleşdirilipdir we oňa käbir belgiler goşulypdyr. Tahnede ýazmak we okamak aňsat düşmändir. Haty akkadlylar
    hem kabul edipdirler. Şumer-akkad haty 600-e golaý bellikden ybarat bolupdyr.

  • 6 слайд Mesopotamiýada miladydan öňki I müňýyllykda akkad  haty bilen birlik
    Описание слайда:

    Mesopotamiýada miladydan öňki
    I müňýyllykda akkad haty bilen birlikde, arameý elipbiýi ýaýrap, ol derä, papirusa,
    tagtajyklara, toýun kerpiçlere ýazylypdyr. Ýazgylarda şäherleriň, obalaryň, haýwanlaryň, ösümlikleriň sanawy
    berlipdir. Mesopotamiýalylar taryhda ilkinji elipbiýi döredenler diýlip hasap edilýär.

  • 7 слайд
    Описание слайда:

  • 8 слайд Türkmen halkynyň döreden medeniýeti Gündogaryň beýik  medeniýetleriniň biridi
    Описание слайда:

    Türkmen halkynyň döreden medeniýeti Gündogaryň beýik medeniýetleriniň biridir. Bu medeniýet dünýä ak bugdaýy, arabany, halyny, meşhur bedewleri, «Oguznama», «Görogly » ýaly eserleri, Oguz han elipbisini, algebra ylmyny we başgalary beripdir. Iň gadymy döwürlerde ýüze çykan paleolit we mezolit medeniýetleriniň esasynda dörän neolit rewolýusiýasy
    türkmen topragynda medeni ösüşlere uly itergi
    berýär, siwilizasiýanyň ilkinji merkezleriniň ýüze çykmagy üçin zerur şertleri döredýär. Türkmenistanyň çäginde şeýle siwilizasiýalaryň ençemesi döräp, olaryň ilkinjisi Altyndepe siwilizasiýasydyr.

  • 9 слайд
    Описание слайда:

  • 10 слайд Ewolýusion nazaryýet adamyň hem-de adamzat  jemgyýetiniň kemala gelmegini,
    Описание слайда:

    Ewolýusion nazaryýet adamyň hem-de adamzat jemgyýetiniň kemala gelmegini, jemgyýetiň ewolýusion ýol bilen kem-kemden ösmegi, dünýäni özgerdýän we medeni
    giňişligi kämilleşdirýän zähmet bilen baglanyşdyrýar.
    Eýsem, adamyň we medeniýetiň emele gelmeginiň deslapky
    çeşmeleri näme bolupdyr? Alymlaryň tassyklamagyna
    görä, ilkinji adam maýmyndan döremändir. Sebäbi adamyň
    biologiki ýagdaýdan sosial-medeni ýagdaýa geçmäge bolan
    ukyby has güýçli bolupdyr. Başda tebigatyň döreden
    adamy biologiki jandar bolup, ol entek akyl-paýhassyz, dilsiz,
    akylly‑başly hereketlere ukypsyz biologik görnüş bolup
    galypdyr. Adamy ynsanlaşdyran we medeniýetleşdiren, ruhy jähtden ösdüren zähmetdir we jemgyýetçilik gatnaşyklarydyr.
    Adam we medeniýet – medeniýeti döredýän döredijilikli zähmetiň, akylly-başly hereketiň bar wagtynda döreýär.

  • 11 слайд Garalýan döwürde adamlar daşdan, süňkden, agaçdan
we beýleki elýeterli z
    Описание слайда:

    Garalýan döwürde adamlar daşdan, süňkden, agaçdan
    we beýleki elýeterli zatlardan zähmet gurallaryny ýasamagy başarmandyrlar. Olarda dini-estetik düşünjeler bolmandyr. Olar tebigatyň önümlerinden tagam taýýarlamagy bilmändirler; esasan tebigatyň eçilen miwe we gaýry önümlerini çöpläp, awçylyk hem-de balykçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Bu ýagdaý adamzadyň durmuşynda müňlerçe ýyllap dowam edipdir. Bu döwür ylymda «Taryha çenli döwür» ýa-da «Taryhdan öňki döwür» diýlip atlandyrylýar. Taryha çenli döwürde adamlar süri-süri bolup ýaşapdyrlar. Bu döwürlerde sosial toparlar, tire-taýpalar bolmandyr. Emma müňýyllyklaryň geçmegi, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşa, tebigatyň şertlerine uýgunlaşmaklary bilen, medeniýetiň ilkinji alamatlary ýüze çykyp başlaýar.

  • 12 слайд
    Описание слайда:

  • 13 слайд
    Описание слайда:

  • 14 слайд Adam ýaşaýyş ugrundaky göreşde özüne aw hem-de zähmet  gurallaryny ýasamaga b
    Описание слайда:

    Adam ýaşaýyş ugrundaky göreşde özüne aw hem-de zähmet gurallaryny ýasamaga başlapdyr. Agaçlardan naýzalary, gödek daşlardan her hili çapgylary, süňklerden iňňeleri, siňirlerden sapaklary, deriden eşikleri taýýarlamagy öwrenipdir. Munuň özi adamyň durmuşynda taryha çenli döwürde bolup geçen hadysalardyr. Dünýäniň dürli sebitlerinden, hususan-da, Türkmenistanyň çäginde şol hadysalaryň yzlary
    ýüze çykaryldy. Adamyň emele gelmegine we ösmegine
    şert döreden hadysalar ýokary paleolit asyrynda – mundan 35–20 müň ýyl ozal bolup geçýär. Eýýäm şol döwürde medeniýetiň möhüm pudagy bolan sungatyň ilkinji alamatlary hem ýüze çykypdyr.

  • 15 слайд
    Описание слайда:

  • 16 слайд
    Описание слайда:

Если Вы считаете, что материал нарушает авторские права либо по каким-то другим причинам должен быть удален с сайта, Вы можете оставить жалобу на материал.

Пожаловаться на материал
Скачать материал

Найдите материал к любому уроку, указав свой предмет (категорию), класс, учебник и тему:

также Вы можете выбрать тип материала:

Краткое описание документа:

"Böwenjik" türkmen halk ertekisinden taýýarlanan prezentasiýa.

Общая информация

Скачать материал

Похожие материалы

Вам будут интересны эти курсы:

Оставьте свой комментарий

Авторизуйтесь, чтобы задавать вопросы.