43-nji sapak.
Senäsi: ___
____ 20 __ ýyl 11-nji “a”,”b”,”ç” synplar
Sapagyň temasy: §21 Maglumatlar
bazasy barada düşünje
Sapagyň maksady: Maglumatlar bazasy barada düşünje bermek.
Sapagyň
terbiýeçilik ähmiýeti:
Okuwçylary watançylyk, zähmetsöýerlik, beýik adamkärçilik ruhunda terbiýelemek,
kompýuter tilisimatynyň inçe syrlaryny dünýä ülňülerine laýyk derejede
öwretmek.
Sapagyň görkezme
esbaby: Atalyk kitaplary,
okuw kitaby we kompýuter prezentasiýalary.
Sapagyň gidişi:
1.
Guramaçylyk
döwri.Okuwçylaryň
gatnaşygynyň derňewi.
2.
Öý işleriniň
barlygy. Okuwçylary
bahalandyrmak.
Temanyň gysgaça beýany: §21.
Maglumatlar bazasy barada düşünje
Adamzat hemişe informasiýalaryň
içinde ýaşaýar, daş-töweregi gurşap alan dünýäden informasiýalary duýuş organlarynyň
kömegi bilen yzygider alýar we bellibir bölegini öz ýadynda saklamaga çalyşýar,
pikirlenmek arkaly informasiýalary seljerýär we beýleki adamlar bilen piker alyşýar.
Adamyň ýaşaýyş- durmuşynda daşky dünýä barada köp mukdarda maglumatlar ýygnanýar.
Şol maglumatlary saklamak we täzeden işläp taýýarlamak, indiki nesillere ýetirmek
meseleleri öňe çykýar. Bu meseleler dürli döwürlerde dürli usullarda amala aşyrylypdyr.
Has ýakyn wagtlara çenli hem bu mesele, köplenç, ýazgy görnüşinde saklanylypdyr.
Resminamalar, kitaplar ýazgy- rowaýat, dilden- dile ýazgy görnüşinde arhiwlerde,
kitaphanalarda saklanylypdyr. Bu usul öz döwründe netijeli hasaplanylypdyr. Olary
saklamak üçin köp ýer gerek bolýar. Gerekli resminamany, kitaby we beýleki maglumatlary
gözlap tapmak yeterlik kop wagty talap edyar. Hasaplaýyş tehnikasynyň we
informasiýalary electron görnüşe geçirmeklige mümkinçilikleriň döremegi maglumatlary
saklamakda hem-de gaýtadan işläp taýýarlamakda uly ýeňillikler döretdi. Maglumatlar
kop adamlara elyeterli bolar yaly, olary saklamaklygyň birnäçe amatly usullary
işlenilip taýýarlanyldy. Maglumatlary saklamaklygyň şol usullarynyň biri hem
maglumatlar bazasydyr.
«Maglumatlar bazasy » adyndan
belli bolşy ýaly, bu maglumatlaryň bellibir böleginiň bilelikde saklanylmagydyr
we zerurlyk dörände peýdalanyp boljak maglumatlaryň toplumydyr. Islendik
maglumatlaryň toplumyny maglumat bazasy diyip atlandyryp bolmayar.Maglumatlar bazasy (MB) – munuň özi özara baglanyşykly
guramaçylykly toplanan, kompýuterleriň ýadynda we daşky maglumat göterijilerde
uzakmöhletleyin saklamaklyga we yzygider peydalanylmaga we tazelenilmage
niyetlenilen maglumatlardyr.
Bu name diýmek? Kitaphanada kitaplar tekjelerde
saklanylýar, awtorlar, temalar boýunça maglumatlar bolsa kataloglarda
ýerleşdirilýär. Resminamalar arhiwlerde ýyllary, bölümleri boýunça, käbir
maglumatlar bolsa aýratyn kataloglarda ýerleşdirilýär. Şol kataloglary
peýdalanyp, kitaphanalardan kitaplary, arhiwden resminamalary tapmak has amatly
bolýar. Şeýle amatlylyk kataloglarda maglumatlaryň birmeňzeş aňladylmagynyň we
birmeňzeş gurluşynyň bolmagynyň hasabyna mümkin bolýar. Maglumatlar bazasynyň
adaty kataloglara garanyňda has çylşyrymly gurluşy bardyr. Maglumatlar özara biri-birleri
bilen berk baglanyşdyrylandyr. Bular barada biz Şu ölümde has
giňişleýin öwreneris. Haýsydyr bir okuw mekdebiniň maglumatlar bazasyny göz öňüne
getireliň. Maglumatlar bazasynda okuw mekdebi barada ähli maglumatlar saklanylýar:
- okuw mekdebiniň ýerleşýän salgysy; - okuw mekdebiniň ýolbaşçylary;
- okuwçylaryň sanawy;
- doglan seneleri; - ýaşaýan salgylary; - okaýan synplary; -
dersler boýunça alan bahalary;
- okadylýan dersler; - mugallymlar baradaky
maglumatlar; - okuwçylaryň ene-atalary baradaky maglumatlar; - ýyllar boýunça
mekdebi tamamlan okuwçylar baradaky maglumatlar; - telefon belgileri we ş.m.
Haýsydyr bir obýekt boýunça ýeterlik informasiýalaryň toplumy − şol obýektiň
informasiýa modelidir.Maglumatlar bazasynda saklanýan maglumatlar häsiyetleri
boyunca faktografik we resminamalaýyn
yaly MB-lere
bolunyarler.
33-nji syrat
Faktografik MB-de seredilýän obýekt barada gysgajyk maglumatlar
berilýär. Başgaça aýdanymyzda, faktografik MB şol obýekt baradaky faktlary
suratlandyrýar. Resminamalaýyn MB ähli
resminamalary dolulygyna özünde saklaýar. Resminamalaýyn MB dürli görnüşli
ýazgy, grafiki, ses, multimedia we ş.m. informasiýalaryň giň toplumyny özünde
jemleýär. Kitaphanadaky kartoteka faktografik MB bolýar, onda kitap we onuň
awtorlary barada gysgajyk maglumatlar berilýär, kitaplaryň saklanylýan ýeri,
resminamalaýyn MB bolup, onda ähli kitaplar tutuşlygyna saklanýarlar. MB-ni saklamak
usuly boýunça merkezleşdirilen we paýlaşdyrylan MB-leri
tapawutlandyrýarlar. Eger MB-niň hemme bölümleri bir kompýuterde saklanýan bolsa,
onda ol merkezleşdirilen MB-dir. Eger MB-niň bölümleri özara torlar arkaly birleşdirilen dürli
kompýuterlerde saklanýan bolsa, onda ol paýlaşdyrylan MB bolyar.
Maglumatlar umumy görnüşde birnäçe modellerde: tabynlykly – iýerarhik (33-nji surat),
tor we tablisa görnüşlerde şekillendirilýär. Tabynlykly maglumatlar bazasy. Maglumatlaryň modeliniň görnüşleri daragt düzüminde
«bitin- bölegi » gatnaşykda amala aşyrylýar. Tabynlyk modeliniň nyşanlary: bir
daragt bir köke eýe; bir düwün bir ýa-da birnäçe atributlara eýedir. Obýektler
biri- birleri bilen baglanyşyklydyrlar, her bir obýekt özünden kiçi derejeli
obýektleriň birnäçesini saklap bilyar. Mysal ucin, windowsyň papkalar katalogy
tabynlykly MB- -dir. Ýokary derejäni iş stoly eýeleýär.
Ikinji derejeli papkalar: Мой компьютер, Мои документы, Сетевое окружение we Корзина öz gezeginde Мой компьютер ((С:), (D:), (Е:), (F:)) we ulgamlaýyn papkalary (Принтеры, Панель управления we beýlekiler.) özünde saklaýar (34-nji surat).
34-nji syrat
Tabynlykly MB mysal bolup biljek ýenede bir MB-e
seredeliň. Tutuş Internetiň özi maglumat bazasydyr,Internete birikdirilen
kompýuterleriň Domen atlarynyň sistemasydyr. Iň ýokarsynda ýokary derejeli
domenleriň sanawyny (jemi 264 domen) saklayan tablisalayyn MB ýerleşýär,
olardan 7 sanysy administratiw galanlary geografiki taýdan üzňedir. Ikinji
derejede her bir birinji derejeli domen
üçin ikinji derejeli domenleriň
sanawyny saklaýan tablisa MB ýerleşýär. Üçünji derejede her bir ikinji derejeli Domen üçin
üçünji derejeli domenleriň sanawyny we ikinji derejede ýerleşýän kompýuterleriň
IP salgylaryny saklayan tablisalayyn MB ýerleşýär (35-nji surat).
Atlaryň Domen sistemasynyň
MB-si Internete birikdirilen ähli kompýuterlerdäki 150
milliondan gowrak ýazgyny özünde saklaýar. Şeýle mukdardaky MB-ni dine bir
kompýuterde saklamak
− informasiýalary gözlemekde örän haýallyga hem-de pes
netijelilige elterdi. MB-niň käbir bölumlerini durli DNS serwerlerde
saklamak bu meseläni çözmekligi ýeňilleşdirdi. Şeýlelikde, atlaryň Domen
sistemasynyň tabynlyk (iýerarhik) MB-si − hem paýlaşdyrylan MB hasaplanylýar
(35-nji surat).
35-nji surat
Tor maglumat bazalary. Tor MB-leri tabynlyk (iýerarhik) maglumat bazalarynyň
umumylaşdyrylan görnüşidir. Tor modellerinde obýektleriň arasyndaky
arabaglanyşyklar çäklendirilmeýär. Bütindünýä kerebi bolan Global kompýuter
tory – Internet tor MB-si hasaplanýar. Gipersalgylanmalar ýüz millionlarça
resminamalary bitewi paýlaşdyrylan MB bilen baglanyşdyrýar. Tablisalayyn – relyasion MB-ler. Relyasion MB-ler tablisa görnüşine eýedirler. Bu MB-leriň
sütünleri we setirleri bolan adaty tablisalardan durýar (7-nji tablisa).
7-nji tablisa
T/b
|
1-nji sütün
|
2-nji sütün
|
3-nji sütün
|
4-nji sütün
|
1-nji setir
|
|
|
|
|
2-nji setir
|
|
|
|
|
3-nji setir
|
|
|
|
|
Relyasion MB-lerde sütünler we setirler başgaça atlandyrylýar. Sütünlere- meýdança (поле), setirlere- ýazgy (запись) diýlip at berilýär (8-nji
tablisa).
8-nji tablisa
|
1-nji meýdança
|
2-nji meýdança
|
3-nji meýdança
|
4-nji meýdança
|
1-nji ýazgy
|
|
|
|
|
2-nji ýazgy
|
|
|
|
|
Mysala
seredeliň: howanyň hepdelik maglumaty (9-njy tablisa).
9-njy tablisa
Hepdäniň günleri
|
Howanyň derejesi
|
Atmosferanyň basyşy
|
Howanyň çyglylygy
|
Ýeliň ugry we tizligi
|
Duşenbe
|
|
|
|
|
Sişenbe
|
|
|
|
|
Çarşenbe
|
|
|
|
|
Penşenbe
|
|
|
|
|
Anna
|
|
|
|
|
Şenbe
|
|
|
|
|
Ýekşenbe
|
|
|
|
|
Birinji
sütünde
hepdäniň günleri, beýleki sütünlerde hepdäniň şol günlerindäki dürli maglumatlary ýerleşdirilen. Başgaça, 1-nji sütünde «obýektleriň » sanawy
beýleki 2-5 sütünlerde «obýektleriň » häsiýetleri sanalyp geçilýär. Ýagny ýazgy
bir obýektiň hemme häsiýetlerini, meýdança bolsa, ähli obýektleriň bir
häsiýetini özünde saklaýar. Her bir meýdançanyň ady bolmaly. Meýdançanyň ady-bu
sütüniň adydyr. Mysal üçin, biziň tablisamyzda 1-nji meýdança «hepdäniň günleri
», 2-nji meýdança «howanyň derejesi » we ş.m. Her bir meýdança haýsydyr bir
maglumaty saklaýar. Şol maglumaty tablisa girizmezden öň kompýutere şol
maglumatyň giňeltmesini (тип
поля) görkezmeli.
Meýdançanyň giňeltmesi, meýdançanyň kabul edip,
amallaryň toplumyny geçirip biljek bahalarynyň köplügi. Maglumatlar bazalarynda ýerine ýetirip bilýän
esasy funksiýalarymyz: – MB gurluşyny döredip;
– MB maglumatlar
bilen dolduryp;
– MB gurluşyny we mazmunyny üýtgedip (redaktirläp);
– MB maglumatlary gözläp;
– Maglumatlary
saýlap;
– MB gorap;
– MB butewuligini barlap.
4. Temany berkitmek: Okuwçylar bilen sorag-jogap alyşmak.
1. Maglumatlar bazasy näme?
2. Saklanyş usullary boýunça MB haýsy görnüşlere bölünýär?
3. Gurluşy boýunça MB haýsy
görnüşlere bölünýär?
4. Tablisalaýyn, tabynlykly (iýerarhik) we tor MB-leri öz aralarynda nähili tapawutlanýarlar? Mysallar getiriň.
5. Tor we paýlaşdyrylan MB-ler özara nähili tapawutlanýarlar?
6. Tablisalayyn – relyasion MB-lere häsiýetnama beriň. 7. Maglumatlar bazalarynda ýerine ýetirip
bilýän esasy funksiýalarymyz haýsylar?
5. Öýe ýumuşlar: Temany okap gelmeli. § 21 Sah 105
Mugallym: ____________
S.Niýazmetow
Mekdep
müdüriniň okuw
işleri boýunça
orunbasary: _________ R.Rozmetow
44-nji sapak.
Senäsi: ___
____ 20 __ ýyl 11-nji “a”,”b”,”ç” synplar
Sapagyň temasy: §22. Maglumatlar
bazasyny dolandyryş sistemasy
Sapagyň maksady: Maglumatlar
bazasyny dolandyryş sistemasy barada
düşünje bermek.
Sapagyň
terbiýeçilik ähmiýeti:
Okuwçylary watançylyk, zähmetsöýerlik, beýik adamkärçilik ruhunda terbiýelemek,
kompýuter tilisimatynyň inçe syrlaryny dünýä ülňülerine laýyk derejede
öwretmek.
Sapagyň görkezme
esbaby: Atalyk kitaplary,
okuw kitaby we kompýuter prezentasiýalary.
Sapagyň gidişi:
1.
Guramaçylyk
döwri.Okuwçylaryň
gatnaşygynyň derňewi.
2.
Öý işleriniň
barlygy. Okuwçylary
bahalandyrmak.
Temanyň gysgaça beýany: Maglumatlar
bazasyny dolandyryş sistemasy (MBDS)
Şeylelikde, MB - maglumat ammary bolup,
doredilen MB-ni dowrebap dolandyrmak arkaly, Maglumat bazalaryny
dolandyryş sistemasy (MBDS) diylip atlandyrylyan MB bilen işlemek
ucin yorite programma upjuncilikleri bardyr. MBDS - bu programma
upjunciligidir, mundan peydalanyjylar MB-ni doredip we oňa elyeterli
bolup bilyarler. MBDS-niň programmalayyn duzumi yadrodan we hyzmat
programma serişdelerinden ybaratdyr. Yadro - MB--niň doredilmegi
hem-de alnyp barylmagy ucin zerur we
yeterlik bolan programma modullaryny saklayar. programmalary
goşmaca mumkincilikleri we goldawlary ulanyjylaryň ygtyyaryna beryar.
Maglumatlary kompyuterde işlap tayyarlamak merkezleşdirilen we paylaşdyrylan
usullara bolunyar. Merkezleşdirilen usulda işlap tayyarlamak - MB hasaplayyş sistemasynyň, şol
bir kompyuterinde yerleşdirilyar. Paylaşdyrylan usulda MB hasaplayyş
sistemasynyň islendik kompyuterinde saklanyp bilner, ol ahli kompyuterlere
elyeterlidir.
Kompyuter torunda merkezleşdirilen MB faylserwer,
muşderi-serwer gornuşlerde guralyp ulanyjylara elyeterli edilyar. Toruň fayl-serwer
gornuşinde bir kompyuter fayllaryň merkezi serweri bolup hyzmat edyar.
Tordaky ahli galan kompyuterler iş stansiyalarynyň funksiyalaryny yerine
yetiryarler. Kompyuter torunyň Muşderiserwer gornuşinde merkezi
kompyuterde merkezleşdirilen
MB saklanyp,
onda maglumatlary işlap tayyarlamak işleriniň esasy mocberi yerine yetirilyar.
Muşderiler SQL (Structured Query Language - Yuz tutmalaryň
Strukturalaşdyrylan Dili) talapnamasy boyunca maglumatlary ondan alyp
bilyarler. MBDS-leri uniwersallyk derejesi boyunca: umumy maksatlara we
yorite maksatlara niyetlenen toparlara bolyarler. Kompyuteriň programma
upjunciliginde kopsanly MBDS- ler bardyr. Olaryň sanawynda dowrebap, umumy
maksatlara
niyetlenen MBDS-leriň biri, hazirki wagtda kompyuterlerde
we kompyuter torlarynda giňden ulanylyan, MS Access programmasydyr. Ol MS
Offise programmalaryň toplumyna giryar hem-de meşhur MS Word, MS Excel yaly
programmalar bilen bilelikde işlap bilyar. Bu programma
ozuniň elyeterliligi bilen şeyle-de işlemek ucin
yeňilligi bilen tapawutlanyar. Şeyle hem MS Access-iň obyektlerinde Active
X tehnologiyany ulanmak bilen Visual Basic algoritmik dilini hem
peydalanyp bolyar. «Access» iňlis sozi yetmek - acar manysyny beryar we «Akses»
diylip okalyar.
Hazirki wagtda MBDS-niň MySQL, Oracle, DB2, FoxPro,
InterBase yaly we başga-da mumkincilikleri has giň bolan gornuşleri
işlenilip tayyarlanyldy. MB işlap tayyarlamak iki adimden duryar:
- MB taslamak;
- MB doretmek.
Taslamak prosesi aşakdakylary ozunde saklayar:
- predmet yaylasyny ulgamlayyn seljermek;
- maglumatlary
seljermek we maglumat modelini duzmek.
MB doretmek MBDS-niň caklerinde yerine yetirilyar we ol
şulardan duryar:
- MB-niň gurluşyny duzmek;
- MB-ni
maglumatlar bilen doldurmak.
Taslamaklygyň birinji adimi kagyzda yerine yetirilyar.
Ikinji adim-doretmek işi kompyuterde yerine yetirilyar.
4. Temany berkitmek: Okuwçylar bilen sorag-jogap alyşmak.
1. MBDS name?
2. MBDS-niň programmalayyn duzumi name?
3. Merkezleşdirilen MB-ler haysy gornuşlerde
guralyar?
4. MB-ni işlap tayyarlamagyň doretmek we
taslamak adimlerini sanaň.
5. Öýe ýumuşlar: Temany okap gelmeli. § 22 Sah 112
Mugallym: ____________
S.Niýazmetow
Mekdep
müdüriniň okuw
işleri
boýunça orunbasary: _________
R.Rozmetow
Оставьте свой комментарий
Авторизуйтесь, чтобы задавать вопросы.