Рабочие листы
к вашим урокам
Скачать
1 слайд
Gurbansoltan eje adyndaky
etrabyň 10-njy orta mekdebiniň
Informatika mugallymy
Sultanmurat Niýazmetowyň
10-njy synpynda
informatika sapagyndan
“Setir ululyklar”
temasy boýunça geçirilýän açyk sapagy üçin döreden prezentasyýasy.
Öňe
2 слайд
Setir ululyklar
Başla
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň 10-njy orta mekdebi
3 слайд
Setir ululyklar
Setir ululyklar Pascal dilinde String tipiň kömegi bilen beýan edilýär. Bu tip setir ululyklar bilen işlemäge mümkinçilik berýär. Bu tip simwollaryň massiwine meňzeşdir: Array[1..N] of char; Bu ýerde simwollaryň sany, ýagny N-iň bahasy 1-den 255-e çenli bolup biler. String[N] N sany simwol saklaýan setir. Eger N görkezilmese, onda ol söz String görnüşde kwadrat ýaýsyz (skobkasyz) ýazylýar we
N-iň bahasy 255-ä deň diýlip kabul edilýär. Beýle diýildigi Pascal dilinde setir ululygynyň 255-den köp simwoly saklamaýandygyny aňladýar.
4 слайд
Uses Crt;
var s : string;
begin
s:='Informatika';
write(s[1]);
end.
Bu programmada üýtgeýän ululyklar bölüminde ýeke-täk s string tip beýan edilýär we
“:=” operator “Informatika” setiri
s ululygyň adyna geçirýär.
write(s[1]) buýruk bilen setiriň ilkinji simwoly, ýagny, s[1], ekrana çykarylýar. Programmanyň netijesinde I simwol ekrana çykarylar.
5 слайд
Ýokardaky mysalda s ululyk 12 simwoly özünde saklaýar. Eger setir tipine degişli ululygyň simwollarynyň bolup biljek sany öňünden belli bolsa, ony anyk hem görkezmek bolar. Ýokarky mysaly aşakdaky ýaly görnüşde hem ýazmak bolar:
Uses Crt;
var s : string[12];
begin
s:='Informatika';
write(s);
end.
Bu programmada s ululyk 12 simwoldan köp simwoly özünde saklap bilmeýär. String tipiniň ölçegi görkezilmedik ýagdaýynda ol 255 simwoly saklap biler. Bu programmanyň netijesinde hem 'Informatika' sözi ekrana çykarylar.
6 слайд
Eger biz string tipli ululyga onuň ölçeginden uly bahany bersek, onda onuň galan bölegi taşlanar. Mysal üçin:
Uses Crt;
var s : string[5];
begin
s:='Hasar dagy';
write(s);
end.
Bu programmanyň netijesinde ekrana “Hasar” sözi çykarylar. Onuň sebäbi biz setir ululygyny beýan edenimizde oňa 5 orun berdik. Şonuň üçin girizen setirimiziň diňe 5 simwoly s ululyga ýerleşýär, galanlary (ýerleşmedigi) bolsa taşlanylýar.
7 слайд
Setir tipli ululygy girizmek üçin Readln, çapa çykarmak üçin bolsa write, writeln operatorlary ulanylýar. Aşakdaky programma setir tipli ululygy klawiaturadan girizmäge we ol ululygy ekrana çykarmaklyga mümkinçilik berýär.
Uses Crt;
var s : string;
begin
write('setiri giriz: '); readln(s);
write(s);
end.
8 слайд
PASCAL dilinde setir ululygyň 0-nji simwoly ol setiriň uzynlygyny kesgitleýär. Bu aýdanymyzyň düşnükli bolmagy üçin aşakdaky mysala üns bereliň:
Uses CRT;
var s : string;
i : integer;
begin
s:='YNAM';
for i:=ord(s[0]) downto 1 do
write(s[i]); end.
Bu programmanyň netijesinde ekrana setir tersine öwrülip, ýagny “MANY” sözi çykarylar. Bu ýerde ord(s[0])
s setirdäki simwollaryň sanydyr.
9 слайд
1.Setir ululyk diýip nämä düşünýärsiňiz?
2.Setir ululygy özünde näçe simwoly saklap biler
(sebäbi)?
3.Setir ululygyň 0-njy ornunda nähili maglumat
saklanýar?
4.Setir ululyk haýsy operatoryň kömegi bilen girizilýär?
5.Setir ululygyň ölçeginiň manysyny düşündiriň
(string[10])?
Soraglar
10 слайд
Taýýarlan:
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň
10-njy orta mekdebiniň
Informatika we informasiýa tehnologiýalary dersi mugallymy Sultanmurat Niýazmetow.
2016 ý.
Çykmak
11 слайд
Setir ululyklar Pascal dilinde String tipiň kömegi bilen beýan edilýär. Bu tip setir ululyklar bilen işlemäge mümkinçilik berýär.
12 слайд
Bu tip simwollaryň massiwine meňzeşdir: Array[1..N] of char; Bu ýerde simwollaryň sany, ýagny N-iň bahasy 1-den 255-e çenli bolup biler. String[N] N sany simwol saklaýan setir. Eger N görkezilmese, onda ol söz String görnüşde kwadrat ýaýsyz (skobkasyz) ýazylýar we
N-iň bahasy 255-ä deň diýlip kabul edilýär. Beýle diýildigi Pascal dilinde setir ululygynyň 255-den köp simwoly saklamaýandygyny aňladýar
13 слайд
PASCAL dilinde setir ululygyň 0-nji simwoly ol setiriň uzynlygyny kesgitleýär. Bu aýdanymyzyň düşnükli bolmagy üçin aşakdaky mysala üns bereliň:
Uses CRT;
var s : string;
i : integer;
begin
s:='YNAM';
for i:=ord(s[0]) downto 1 do
write(s[i]); end.
Bu programmanyň netijesinde ekrana setir tersine öwrülip, ýagny “MANY” sözi çykarylar. Bu ýerde ord(s[0]) s setirdäki simwollaryň sanydyr.
14 слайд
Setir tipli ululygy girizmek üçin Readln operatorlary ulanylýar.
Aşakdaky programma setir tipli ululygy klawiaturadan girizmäge mümkinçilik berýär.
Uses Crt;
var s : string;
begin
write('setiri giriz: '); readln(s);
write(s);
end.
15 слайд
string[10], s ululyk 10 simwoldan köp
simwoly özünde saklap bilmeýär.
Eger biz string tipli ululyga onuň ölçeginden uly bahany bersek, onda onuň galan bölegi taşlanar. Mysal üçin:
Uses Crt;
var s : string[10];
begin
s:=‘Informatika';
write(s);
end.
Bu programmanyň netijesinde ekrana “Informatik” sözi çykarylar. Onuň sebäbi biz setir ululygyny beýan edenimizde oňa 10 orun berdik. Şonuň üçin girizen setirimiziň diňe 10 simwoly s ululyga ýerleşýär, galanlary (ýerleşmedigi) bolsa taşlanylýar.
Рабочие листы
к вашим урокам
Скачать
6 664 734 материала в базе
Настоящий материал опубликован пользователем Ниязметов Султанмурат Ниязметович. Инфоурок является информационным посредником и предоставляет пользователям возможность размещать на сайте методические материалы. Всю ответственность за опубликованные материалы, содержащиеся в них сведения, а также за соблюдение авторских прав несут пользователи, загрузившие материал на сайт
Если Вы считаете, что материал нарушает авторские права либо по каким-то другим причинам должен быть удален с сайта, Вы можете оставить жалобу на материал.
Удалить материалВаша скидка на курсы
40%Курс повышения квалификации
36 ч. — 144 ч.
Курс повышения квалификации
36 ч. — 180 ч.
Курс профессиональной переподготовки
300 ч. — 1200 ч.
Мини-курс
3 ч.
Мини-курс
4 ч.
Оставьте свой комментарий
Авторизуйтесь, чтобы задавать вопросы.